SPORT

Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna gatnaşýar

Şu ýylyň 7-17-nji dekabrynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletike boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň erkek we zenan türgenlerinden ybarat topar hem gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan soňky ýyllarda esasan hem sportuň agyr atletika görnüşinde ýokary netijeler gazanýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň ilkinji Olimpiýa medaly hem sportuň bu görnüşinde gazanyldy. Polina Gurýewa Tokioda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda kümüş medalyň eýesi bolupdy.

Mundan başga-da, Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanda geçirilen agyr atletike boýunça Dünýä çempionatynda altyn medalyň eýesi bolupdy.

Bu gezek goňşy Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän dünýä çempionatyna hem ýurdumyzyň güýçli agyr atletikaçylary gatnaşýar.

Zenanlar toparynda: Ýulduz Jumabaýewa we Bägül Berdiýewa (45 kg), Polina Gurýewa (59 kg), Gülnabat Kadyrowa (71 kg) hem-de Aýsoltan Toýçiýewa (81 kg).

Erkekler toparynda: Seýitjan Mirzaýew ( 61 kg), Maksat Meredow (73 kg), Rejepbaý Rejepow we Şatlyk Şohradow (81 kg), Rüstem Ananberdiýew (89 kg) we Hojamuhammet Toýçiýew (109 kg).

 

Howa menzilleriniň işgärleri: ýiti respirator keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak 

Ýene-de okaň

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar