SPORT

Türkmen türgenleri bürünç medallaryň eýesi boldy

Türkmen samboçylary Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde dowam edýän 47-nji Sambo boýunça dünýä çempionatynda altyn medaldan soňra bürünç medallarynyň ikisine mynasyp boldular.

Şeýle-de, dünýä çempionatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene bürünç medallarynyň ikisini gazandylar. Bu medallara Türkmenistanyň söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli) we ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Hojamuhammedow (98 kg-dan gowrak) mynasyp bolmaga başardylar.

Halkara ýaryş, sport we söweş sambosynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda 21 agram derejesinde iň güýçli diýen ugurda göreşýän 50 döwletden 500 türgen ýygnandy.

Bäsleşigiň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan Muhammet Kössekow gazanypdy.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri