SPORT

Türkmen türgeniniň täze rekordy

Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda güýjüni synan türkmen agyr atletikaçysy Gülnabat Kadyrowa Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň rekordynyň eýesi hökmünde taryha girdi. 

71 kilogram agram derejesindäki ýaryşa gatnaşan ildeşimiziň ştangany silterläp galdyrmakdaky 107 kg netijesi oňa kiçi altyn medal getirdi. Onuň bu netijesi şu görnüşden Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň täze rekordydyr.  

Itekläp 118 kg agyrlygy galdyrmak bilen, Gülnabat kiçi bürünç medal eýeledi.

Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 225 kilogram agramlyk netije Gülnabat Kadyrowanyň umumylykda altyn medal gazanmagyny üpjün etdi. Gülnabadyň bu görkezijisi Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň nobatdaky rekordy hökmünde agyr atletikanyň taryhyna girdi.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy