SPORT

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Türkmenistanyň ýygyndysy Bahreýnde geçirilýän III Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynda (Asian Youth Games, Bahrain-2025) agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýewiň ajaýyp çykyşynyň netijesinde medal sanawynyň üstüni ýetirdi.

Türkmen türgeni altyn we bürünç medallara mynasyp bolup, Aziýanyň rekordy täzeledi.

Agyr atletikanyň 79 kilogramma çenli agram derejesinde çykyş eden Aşgabadyň “Olimp” sport mekdebiniň türgeni diňe bir iň ýokary baýrakly orny eýeläp galman, eýsem Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynda öz ugrunda täze rekord goýdy — ol 177 kilogram agramdaky agyrlygy itekläp götermegi başardy.

Altyn medal bilen bir hatarda, Didarbek Jumabaýew agyrlygy birbada götermekde 138 kilogram netije görkezmek bilen ýurdumyza bürünç medaly hem getirdi.

Milli ýygyndynyň gaznasyna ýene bir bürünç medaly Leýli Ýusupowa getirdi. Lebap welaýatynyň 10-njy synp okuwçysy bolan Leýli, 52 kilogramma çenli agram derejesinde kuraş boýunça geçirilen ýaryşda baýrakly orun eýeledi.

31-nji oktýabra çenli dowam edýän III Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynda Aziýanyň 45 döwletinden 4000-den gowrak türgen gatnaşýar.

Türkmenistandan bu oýunlara 38 türgenden ybarat wekiliýet gatnaşýar. Olar agyr atletika, ýeňil atletika, boks, erkin göreş, ýüzmek, basketbol, taýboks we kuraş ýaly sekiz görnüşde çykyş edýärler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi