SPORT

Türkmen türgeni Ganawada kümüş medal gazandy

Şu günler Kubanyň paýtagty Gawana şäherinde agyr atletika boýunça Gran-pri ýaryşy geçirilýär. Oňa gatnaşýan türkmen agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew kümüş medal gazandy.

On dokuz ýaşly türgen 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň wise-çempiony boldy.

Türkmen türgeni ştangany götermegiň iki ugry boýunça boýunça 319 kilogram netije görkezdi. Ol bu görkeziji bilen ikinji boldy, birinji orna 358 kilogramlyk netije görkezen indoneziýaly Abdulla Rahmat Erwin eýeledi. Üçünji orny bolsa, kanadaly türgen Samuel Guertin eýelemegi başardy.

Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşda 3 türgen bilen gatnaşýar. Olaryň arasynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa hem bar. Türkmenistanyň ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesi Polina gurýewa 15-nji iýunda Gawanadaky ýaryşda çykyş eder.

Halkara Agyr atletika federasiýasynyň “Gran-pri” ýaryşy Olimpiýa oýunlary üçin saýlama tapgyrlaryň biridir. Bu ýaryşa 70 ýurtdan 400-den gowrak türgen gatnaşýar. Olar 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gataşmak üçin reýting ugrunda bäsleşýärler.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy