JEMGYÝET

“Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi.

“Ata Watan Media” topayrnyň hem gatnaşan bu metbugat maslahatyna 14 döwletden 100-e golaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Foruma köp sanly iri habarlar gulluklarynyň, teleýaýlymlaryň, şol sanda TÜRKSOÝ guramasyna degişli ýurtlaryň metbugat wekilleri, Türkmenistanyň teleýaýlymlar we kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk edýän döwletlerinden metbugat wekilleri gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Olaryň hatarynda Russiýanyň iri TASS habarlar gullugynyň başlygynyň orunbasary Mihail Gusman,Umumyrussiýa teleradiokompaniýasynyň (Rossiýa-24) Merkezi Aziýa boýunça habarçysy Robert Fransew, Ýewropa ýurtlaryň teleradioýaýlymlar birleşiginiň (EBU) akademiýasynyň Iş dolandyryjylary taýýarlaýan menejeri Frederik Frantz we Türkiýäniň TRT teleýaýlymynyň wekilleri bar.

Metbugat maslahatynda  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa, Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew, Kanadanyň «HEC Montreal» uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk fakultetiniň professory jenap Jawad Mottaghi, Russiýa Federasiýasynyň «ITAR TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň orunbasary Mihail Gusman dagy çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär