BILIM

Türkmen telewideniýasynyň hünär-tehniki okuw mekdebi okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi 2022-2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga KABUL EDÝÄR:

  1. Teleradio režissýorlyk işi.
  2. Teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak.
  3. Ses režissýorynyň kömekçisi.
  4. Montažyň režissýory.
  5. Telekinooperatorçylyk işi.
  6. Sport synçysy.
  7. Kompýuter montažçy.
  8. Guramaçy režissýoryň kömekçisi.
  9. Maglumatlar ulgamyny dolandyrmak.
  10. Buhgalterçilik işi.
  11. Teleradio kommunikasiýalar işi.
  12. Kompýuter oýunlary 3D ölçeginde modelirleme we animasiýa.
    Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
    Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä, degişlilikde, 1,5 ýyl hem-de tölegli.
    Resmi iş kagyzlary hünär-tehniki okuw mekdebinde 2022-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
    Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
    — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
    — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
    — umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
    — bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
    — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
    — 3х4 ölçegdäki alty sany fotosurat.
    Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde, kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip, bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
    — pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
    — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
    Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary hem görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
    Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2022-nji ýylyň 27-28-29-30-njy awgustynda hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
    Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
    Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde dilden geçirilýär.
    Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
    Bellik: 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
    Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.
    Mekdebiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Mäti Kösäýew köçesiniň 68-nji jaýy.
    Telefon belgileri: 36-10-09, 36-38-64.

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler