JEMGYÝET

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçirilýär. Onuň işine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zaly düzüminde 30 müňden gowrak hususy telekeçileri jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanýan üstünlikleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. 

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasalary, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar, telekeçiler, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. 

Aýdym-saz beslenen açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sergä hem-de halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy.

Gutlag hatynda: «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr, diýlip bellenilýär.

Gutlag hatynyň okalmagy bilen serginiň toý bagy kesildi we myhmanlar türkmen telekeçileriniň 18 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri bilen tanşyp başladylar.

Sergide oba hojalygy, azyk önümçiligi, aýakgap we deri önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallary önümçiligi, mebel we dürli öý bezeg önümleir, dokma we beýleki pudaklarynda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri öz önümlerini tanyşdyrdy.

Türkmen telekeçileri daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilige has köp üns berip, häzirki wagtda alkogolsyz içgiler, süýji we konditer önümleri, dürli hilli gök-bakja we miwe önümçiliginde uly tejribe gazandylar. Soňky ýyllarda telekeçileriň eýeçilik edýän ýyladyşhanalarynda ýylyň ähli paslynda ilatymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etjek önümçilik ýola goýuldy.

Şeýle hem sergide aýakgap we deri önümçiligi, dokma önümleriniň önümçiligine ýöriteleşen türkmen hususy telekeçileriň, mundan başga-da gurluşyk we mebel önümçiligindäki hususy pudagyň wekilleriniň önümleri daşary ýurtly myhmanlara uly gyzyklanma döretdi.

Sergi bilen utgaşykly geçiriljek halkara forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdiriler. Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler geçiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň telekeçilik we senagat ulgamynyň halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitmäge, ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine möhüm itergi berer.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň mart aýynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini dünýäniň we döwrüň ösüşleri bilen aýakdaş ösdürmäge ak pata berildi. Şondan bäri geçen 18 ýylda telekeçiler tarapyndan ýetilen sepgitler milli işewürligiň gadamlarynyň okgunly badyndan habar berýär. Geçen döwürde birleşmäniň agzalarynyň sanynyň 30 müňe golaýlamagy, olar tarapyndan 22 müň 500-den gowrak taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar