JEMGYÝET

Türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Düýn Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň energetika ministriniň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Türkiýäniň ministri “X” (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torunda bu duşuşyk barada şeýle diýdi:

– Türkmenistanda amala aşyran saparymyzyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen duşuşdyk.

Duşuşykda Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazaryna ibermek üçin şu ýylyň mart aýynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetiriljek işler barada maslahatlaşdyk.

Şeýle hem Türkmenistanda gury ýerde we deňiz kenarlarynda tebigy gaz we nebit ýataklaryny özleşdirmek babatda mümkin bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alyşdyk.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar saparynyň dowamynda Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew bilen hem duşuşdy.

 

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy