BILIM

Türkmen taryhyna bagyşlanan täze neşir

Ýaňy-ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýewiň «Günorta Türkmenistanyň XVI—XVIII asyrlardaky maddy medeniýeti» atly kitaby neşir edildi.

«Edebiýat we sungat» gazetinde habar berlişi ýaly, tanymal arheolog A.Berdiýewiň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy barlaglarynyň netijelerine bagyşlanan täze kitap ýurdumyzyň günorta sebitlerinde ýerleşýän XVI—XVIII asyrlar bilen senelenýän gadymy ýadygärlikleriň ylmy taýdan öwrenilişi, şol ýadygärlikleriň binagärlik aýratynlyklary, senetçiligi, maddy medeniýeti barada ylmy maglumatlara baýlygy bilen tapawutlanýar.

Bulardan başga-da täze kitapda gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de dürli ýyllarda şol ýerlerde alnyp barlan ylmy barlaglar netijesinde ýüze çykarylan dürli gymmatlyklara degişli fotosuratlara uly orun berilýär.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri