JEMGYÝET

Türkmen-täjik sungat ussatlarynyň “Dostluk agşamy” konserti geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Täjigistanyň Prezident Emomali Rahmon “Dostluk agşamy” atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň meşhur sungat ussatlary belent mertebeli myhmanlara hem-de Hökümet wekiliýetleriniň agzalaryna giň gerimli konsert maksatnamasyny hödürlediler. Onda öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar aýdyňlyk bilen görkezildi. Konsert üstünlikli medeni hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalyna, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine köptaraply gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertine öwrüldi.

Konsert tamamlanandan soňra, täjik Lideri Gahryman Arkadagymyzy “Nowruz” köşgüne çagyrdy. Bu ýerde Täjigistanyň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy