JEMGYÝET

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirilýär

Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbe şäherine bardylar.

Täjigistanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisinde täjik  tarapyna Premýer-ministriň orunbasary Sulaýmon Ziýezoda başlyk edýär.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, söwda-ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ugurlarynda görnetin ösüşleriň gazanylandygy we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik derejä çykarylandygy bellenildi.

Taraplar 2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar bu gezekki forumda söwdanyň möçberini artdyrmak, energetika we suw serişdeleri, Täjigistanyň Türkmenistandna nebit önümlerini import etmegi babatdaky meselelere serediler.

Geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygy 2,4 esse artdy. Bu söwda möçberini geljek ýyllarda artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi ertir hem dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy