DÜNÝÄ

Türkmen-saud diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl dolýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler.

Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine, şol sanda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar. Bu ugurda ikitaraplaýyn syýasy geňeşleriň geçirilmeginiň möhüm orny barada bellenildi. Halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň wajyplygy nygtaldy.

 

Ministrler VI Hazar sammitini maslahatlaÅŸdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň täze ýolbaşçysyny saýlamak üçin ses berdi

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy