SPORT

Türkmen samboçylary Indoneziýadaky dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar

Türkmenistanyň ýygyndysy Indoneziýada sambo boýunça geçirilýän ýaşlaryň dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmegini dowam etdirýär. Bäsleşikleriň iki gününden soň topar 5 medal: bir altyn, üç kümüş we bir bürünç medal gazandy.

Iň ýokary basgançaga Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 18 ýaşly talyby Yslam Hemraýew çykdy, ol söweş sambosy boýunça 71 kg agramda ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony boldy. Ol altyn medala barýan ýolda Gyrgyz Respublikasyndan, Ermenistandan we Russiýadan bolan garşydaşlaryndan ynamly üstün çykdy.

Ýetginjek gyzlaryň arasynda 50 kg agramda kümüş medaly 19 ýaşly Ykbal Saparowa gazandy, ol finalda Russiýadan bolan iki gezek dünýä çempionyna ýeňdirdi. Ýigitleriň arasynda sport sambosy boýunça 58 kg agramda üçünji bürünç medaly bolsa 18 ýaşly Ilşat Döwranow getirdi, ol üçünji ýer ugrundaky tutluşykda Fransiýadan bolan türgeni ýeňdi.

Mundan öň, ýaryşyň birinji gününde ýetginjekler Rasul Jabraýylow (64 kg çenli) we Malikberdi Begiýew (88 kg çenli) kümüş medal gazanypdyrlar.

Indoneziýada geçirilýän ýaşlaryň dünýä çempionatynda 34 ýurtdan 383 türgen ýygnanyp, olar üç günüň dowamynda ýetginjek oglanlar we gyzlar (16–18 ýaş) hem-de ýetginjek ýigitler we gyzlar (18–20 ýaş) arasynda sport we söweş sambosy boýunça 37 medal toplumy ugrunda bäsleşýärler.

Ýene-de okaň

“Kaýrat” toparynyň derwezeçisine ýokary okuw mekdebinde okamak üçin grant gowşuryldy 

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Döwletjan Ýagşymyradowa ýeňiş gazanmak başartmady

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul eder

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri