SPORT

Türkmen samboçylary Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde 6 medal gazandy

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde sambo boýunça Aziýa we Okeaniýanyň çempionaty badalga aldy. Oňa dünýäniň köp sanly ýurdundan türgenler gatnaşýar.

Türkmen samboçylary halkara ýaryşyň ilkinji gününde 6 medal gazanyp, özüniň sport ussatlygyny görkezdiler. Türkmen türgenleri hususan-da sport sambosy boýunça geçirilen ýaryşlarda baýrak münberine çykmagy başardy.

Erkekleriň arasynda 58 kg agramda Muhammetmyrat Babekow hem-de 98 kg agramda Bezirgen Begenjow kümüş medalyň,  64 kg agramda bolsa Sapar Döwletow bürün medalyň eýesi boldy.

Zenan türgenleriň arasynda bolsa, 50 kg agramda Aziza Nazarow, 54 kg agramda Zuleýha Hudaýberdiýewa hem-de 59 kg agramda Merjen Joraýewa bürünç medal gazandylar.

Umuna, ýaryşy ilkinji gününde hem erkek hem-de zenan türgenlerimiz oňat nerijeler görkezdiler.

Daşkentdäki halkara ýaryş dowam edýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy