JEMGYÝET

Türkmen-rus hökümetara toparynyň duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň,  ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň liderleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça pugtalandyrylmagyna bolan ygrarlylygy aýratyn bellenildi. Sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara guramalaryň çäklerindäki bilelikdäki işleriň üstünligi barada aýdyldy.

Şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokary görkezijeleri barada aýdylanda, taraplar senagat, ulag, sanly ykdysadyýet we maliýe amallary ugurlary boýunça hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerine seretdiler. Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygyň işjeň ýagdaýda dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan we ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna, senagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary nazara almak arkaly, Russiýanyň kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly dürli ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow bu babatda birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Häzirki pandemiýa ýagdaýyny nazara alyp, taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak we göreşmek ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar. Bu ugurda ýerine ýetirilen özara hereketleriniň wagtynda geçirilmegi we netijeliligi barada aýratyn aýdyldy.

Bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi