Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda ýokary derejede türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.
Ikiçäk duşuşykdan soňra Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine “Dostluk” ordenini gowşurdy.
Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Jarnama gol çekdiler.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugata ýüzlendiler.
Wladimir Putin öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleriniň ýokary derejede geçirilendigini belläp, aprel aýynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmeginiň 20 ýyl, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyl dolandygyny belledi.
Şu gün gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky Jarnamada syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer, howpsuzlyk, biologik we maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlarda bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenendigi bellenildi.
Putin Türkmenistanyň esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, geçen ýyl haryt dolanyşygynyň 865 million dollara deň bolan bolsa, şu ýylyň birinji çärýeginde özara haryt dolanyşygy 45 göterim ýokarlanandygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biriniň energetika pudagy bolup durýandygyny bellän Putin “Gazprom” kompaiýasynyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkmenistanyň tebigy gazyny uzakmöhletleýin ylalaşyk esasynda eksport edilmegini guramak boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini mälim etdi.
“LUKOIL” kompaniýasynyň Hazar deňzindäki “Dostluk” nebitgaz kondensatly käniniň özleşdirilmegi taslamasynda operator hökmünde gatnaşmak şertleri boýunça gepleşikleri alyp barýandygyny bellän Russiýanyň Prezidenti “Tatneft” kompaniýasynyň nebit guýularyny abatlamakda, “Inter RAO”, “Silowyýe maşiny” energetika we senagat kompaniýalarynyň täze elektrik stansiýalaryň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ulanylmagy, ýokary woltly elektrik geçirijileri gurmak, elektrik energiýasyny eksport we üstaşyr geçirmekde iş alyp barýandygyny belläp geçdi.
Gämigurluşyk, demirýol ulgamlarynda netijeli işleriň alnyp barylýandygy, Türkmenistanda “KAMAZ” kysymly ulaglaryň sanynyň artýandygy, Türkmenbaşy şäherinde bu kompaniýanyň täze okuw merkeziniň açylandygy bellenildi.
“Wozroždeniýa” kompaniýasynyň Türkmenistanda uly işleri alyp barýandygy, soňky 10 ýylda umumy bahasy 1,5 milliard dollara barabar ýol-ulag infrastruktura desgalary gurup, ulanmaga berendigi aýdylyp geçildi.
Iki ýurduň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak babatda hyzmatdaşlyk edip, geçen ýyl türkmen tarapyna 330 müň komplekt “Sputnik V” sanjymynyň berlendigi, şu ýylyň ýanwarynda 800 müň doza möçberinde “Sputnik Laýt” sanjymynyň iberilendigi bellenilip geçildi.
Ylym-bilim we ynsanperwer ugurlarynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen ýaşlary Russiýanyň ýokary bilim edaralaryna yzygiderli gyzyklanma bildirýär. Türkmenistandan 30 müňden gowrak talyp Russiýada bilim alýar. Olaryň 4,3 müňden gowragy býujet esasynda bilim alýar.
Aşgabatda Hazar sammitini we Moskwada ikinji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Putin: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek pikirini goldaýarys