BIZNES

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard 75,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, şu ýylyň 11 aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,2 million amerikan dollar möçberinde köpeldi. Umuman alnanda, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky ýyllarda yzygiderli artýar. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji 2021-nji ýylyň 11 aýynda 761,2 millon amerikan dollara, 2022-nji ýylyň 11 aýynda 877,5 million amerikan dollara, 2023-nji ýylyň 11 aýynda bolsa 970,1 million amerikan dollara barabar bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 11 aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 59 milliard 368,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 24 milliard 223 milliony ýurduň eskportynyň, 35 milliard 145 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy