Paýtagtymyzdaky «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmen-özbek dostluk agşamy geçirildi. Bu çäre ýakynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri bilen sazlaşykly utgaşyp, iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagy babatda uly ähmiýete eýe boldy.
Konsert maksatnamasyna laýyklykda, iki ýurduň meşhur aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. Joşgunly çykyşlar, şol sanda aýdym-sazly edebi kompozisiýa iki goňşy halkyň dost-doganlygynyň barha rowaçlanýandygynyň beýany bolup, kalplara egsilmez şatlyk paýlady. Ählumumy parahatçylygyň bähbidine dostluk we ylalaşyk ýörelgelerini wagyz etmek konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Onda ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen hem-de özbek aýdym-sazlary ýaňlandy. Çykyşlar iki halkyň medeniýetindäki we sungatyndaky umumylyga hem-de aýratynlyklara, olaryň milli özboluşlylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Türkmen-özbek dostluk agşamynyň çäginde iki doganlyk halklaryň milli tagamlary taýýarlanylyp, çärä gatnaşyjylara hem-de seýilgähe gelenlere hödür-kerem edildi. Türkmen we özbek aşpezleri milli aşhanalar üçin däp bolan tagamlary taýýarlamagyň usullaryny görkezip, myhmanlary ýerli aşhana medeniýetiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.
Ýeri gelende bellesek, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň aprelinde özbek paýtagtynda «Aşgabat» seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ol häzirki wagtda bu şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin ýygy-ýygydan barýan ýerine öwrüldi. Türkmen paýtagtynda-da «Daşkent» seýilgähiniň açylmagy iki halkyň has-da ýakynlaşmagynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
