DÜNÝÄ

Türkmen-owgan ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Owganystanyň Standart we hil meseleleri boýunça edarasynyň başlygy Molla Faizullah Tamimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Ç. Çaryýewiň şeýle hem degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar ilki bilen mähirli garşy alnandyklaryny belläp, ýokary derejeli myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdiler. Şonuň bilen baglylykda türkmen-owgan gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň günsaýyn jebisleşýändigine aýratyn ünsi çekdi. Geljekde hem diňe bu ugurlar däl, eýsem, köptaraplaýyn parahatçylykly gatnaşygy, uzak möhletleýin, ygtybarly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra saparyň maksady boýunça ikitaraplaýyn türkmen-owgan hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.  Şonuň bilen baglylykda serhetüsti üstaşyr ýükleriň geçirilmeginiň wagt dowamlylygyny tygşytlamak we owgan tarapyndan alnyp barylýan standart ölçegleri boýunça geçirilýän barlaglaryň wagtynyň köp sarp edilmeginiň öňüni almak boýunça özara pikir alşyldy we bu ugur boýunça geljekde-de, şunuň ýaly duşuşyklary guralyp, iş ýüzünde ýüze çykýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak meýilleşdirildi.

Ýene-de okaň

Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş sapary guralar

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär

Türkmenistan-Zimbabwe: syýasy geňeşmeler geçirildi