BILIM

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň agzasy boldy

Täze ýylyň bosagasynda gelip gowşan hoş habar — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýurdumyzda ilkinji bolup Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň (University Alliance of the Silk Road — UASR) agzalygyna kabul edilmegi bu ugurdaky üstünlikleriň üstüni ýetirdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigi Hytaý Halk Respublikasynyň «Bir guşak, bir ýol» daşary syýasy başlangyjynyň çäginde döredilen bilim guramasy bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ykdysady ösüşini goldamak, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, 2015-nji ýylyň 22-nji maýynda döredildi. Bileleşigiň sekretariaty Hytaýyň Sian şäherindäki Sian Jiaotong uniwersitetinde ýerleşýär. Häzirki wagtda dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 180-den gowrak uniwersitet Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigine agzadyr. Sebitara we döwletara dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylyk arkaly ösüşi goldamak maksady bilen, bilimde, medeniýetde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, uniwersitetara alyş-çalyş etmek, zehinleri goldamak, bilelikde ylmy-barlag taslamalaryny alyp barmak bu halkara bileleşigiň esasy wezipeleridir.

Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigi bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda bu bileleşigiň Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen «Täze tehnologik özgertmeler döwründe ýokary bilimde ösüşler we innowasiýalar» atly forumyna Italiýa, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Gazagystan, Pakistan, Ýaponiýa, Serbiýa, Gyrgyzystan, Kanada ýaly döwletlerden, şol sanda Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, prorektorlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar. Ýurdumyzdan oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Times Higher Education» guramasynyň «World University Rankings 2025» sanawyna, şeýle-de «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetleriniň reýtinginiň sanawyna hem goşuldy.

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim edaralarynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar

Salgyt hukugy magistr derejesi boýunça Amerikanyň iň gowy 10 kukuk mekdebi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen VSO halkara guramasynyň wekilleri duşuşdy

Özbegistanda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler