Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli güwanamanyň ýurdumyza gelip gowuşmagy mynasybetli käbir ýolbaşçylara tabşyryklar berildi.
Bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa üçin şu tabşyryklar berildi:
- dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreleriň tertibini gyssagly taýýarlamaly:
- bu şatlykly waka mynasybetli 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat hem-de sergi geçirmeli:
- welaýatlarda we Aşgabat şäherinde aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen adyň dakylandygy barada şahadatnamalary gowşurmagy göz öňünde tutmaly:
- bagşy-sazandalaryň konsertini tebigy görnüşde geçirip, ýaýlyma bermeli. Bu konsertleri ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda geçirmek maksadalaýyk bolar:
- ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi hem-de milli saz sungatymyza bagyşlanan maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmeli:
- ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary bilen dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleri we şol sanda maslahatlary, duşuşyklary geçirmeli:
- teatrlarda dutar bilen bagly sahna oýunlaryny teleýazgy görnüşinde geçirip, ýaýlyma bermeli:
- dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamany hem-de şunuň bilen bagly geçirilen çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmeli.
Ãokary okuw mekdeplerinde ÃUNESKO-nyň kafedralary dörediler