“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan möhüm taryhy senäni–milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyny belleýär. Bu sene ýurdumyzyň Garaşsyzlygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ykdysady özygtyýarlylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň ýolunda ynamly öňe gitmegiň nyşany bolup durýar.
1993-nji ýylda milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmegi döwletimizi berkarar etmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana özbaşdak we durnukly milli ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik berdi. 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen manady öz durnuklylygyny görkezip, döwletimiziň alyp barýan oýlanyşykly makroykdysady syýasatynyň beýany bolup durýar.
Milli manadymyzyň ygtybarlylygy raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň kepili we maýa goýumlary çekmegiň esasy şerti bolup durýar. Munuň özi halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döredýär.
Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi guraldy.
Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümler bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.
Bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary hem-de «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Maslahata gatnaşyjylar «Fitch Ratings» halkara reýting agentliginiň ýurdumyza «durnukly» çaklama bilen «BB-» derejesini bermeginiň milli ykdysadyýetimiziň netijeliligine, ygtybarlylygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtadylar.
