JEMGYÝET

Türkmen Liderine Gyrgyzystandan çakylyk

Golaýda ýurdumyzda saparda bolan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimize resmi hat iberdi. Şol hatda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti milli Liderimizi jogap sapar bilen Gyrgyzystana çagyrdy.

Şol resmi hatda hususan-da şeýle diýilýär: 

– Türkmenistana bolan resmi saparymyň ýokary derejede guralandygy hem-de gyrgyz wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde ýene-de bir taryhy tapgyr boldy. Gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň käbiriniň eýýäm durmuşa geçirilip başlandygyna örän şatdyryn.

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi Gyrgyz Respublikasyna özüňiz üçin islendik amatly wagtda jogap sapary bilen gelmäge çagyrýaryn.

 

 

COVID-19 sanjymy 18 ýaşdan ähli raýatlara degişlidir

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary