DÜNÝÄ

Türkmen küştçileri halkara açyk ýaryşda altyn we kümüş medellary gazandylar

15-20-nji awgust aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada Baskent Open 2023 halkara açyk küşt ýaryşy geçirdi. Biziň watandaşymyz, halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew (reýtingi 2482) kümüş medal gazandy, ol diňe Gruziýaly türgen, halkara ussady Nikolozy Petriaşwiliden (reýtingi 2458) yza galdy. Meýlis ýaryşa, iň güýçli oýunçylaryň bäsleşýän kategoriýasy bolan, A dereje boýunça gatnaşdy.

Şol ýaryşda çagalaryň arasynda, ýene-de bir türkmen küştçisi Osman Hamrakulyýew 10 ýaşa çenli kategoriýada altyn medal gazandy. Ol Türkmenistanly halkara grossmeýsteri Maksat Atabaýewiň okuwçysy, diýip Orient habar berýär.

Bäsleşikde ulular dört kategoriýa (A, B, C, D) çagalar bolsa, üç kategoriýa (10, 12, 14 ýaşa çenli) boýunça bäsleşdiler. Umuman alanyňda, 8 ýurtdan 600-den gowrak gatnaşyjy açyk küşt ýaryşynyň meýdançalaryna ýygnandylar.

Baskent Open 2023 ýaryşy Baskent uniwersiteti we Türk küşt federasiýasy tarapyndan bilelikde gurnalýar. Bu ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 350 müň türk lirasy boldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri