DÜNÝÄ

Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary   hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Koreý tarapyndan mejlise Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň we Koreýa Respublikasynyň Senagat, söwda we energetika ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady ugry boýunça ösdürilmeginiň hem-de giňeldilmeginiň  mükinçiliklerine seredip geçdiler. Mundan başga-da halkara gün tertibi bilen bagly wajyp meseleler boýunça pikir alşyldy.

Mejlisde esasan ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meselelere üns berildi. Hususan-da energetika, ulag, senagat hem-de suw hojalygy ulgamlaryna degişli meselelere aýratyn seredilip geçildi. Şeýle hem gämi gurluşygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça işleýän koreý kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Gündelik Täleýnama: 12 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri