JEMGYÝET

Türkmen hünärmenleri Özbegistanda seminara gatnaşdylar

ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Zähmet Ministrligi Özbegistanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda möwsümleýin işçiler üçin maksatnamalary işläp taýýarlamakda Özbegistanyň tejribesini öwrenmek boýunça seminar geçirdi.

Türkmenistanyň Zähmet ministrligi we USAID-iň “Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa” maksatnamasy (SMICA) Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) standartlaryna laýyklykda, möwsümleýin işçiler üçin maksatnamalary we işçi kabul etmegiň protokollaryny taýýarlamakda türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw seminaryny geçirdiler. Bu ähmiýetli çäre Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet wekillerini we bilermenlerini iki günlük tejribe alyşmaga we iň gowy tejribeleri paýlaşmaga jemledi.

Seminara Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adatalçysynyň Edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Özbegistanyň wekillerinden konsalting kompaniýasy bolan CONSERAS-yň direktory Alişer Husaýynow we Özbegistanyň Adam söwdasyna garşy göreş boýunça Milli Komissiýasynyň wekili Gülruh Nýýazmetowa Özbegistanyň möwsümleýin işçileriň işe Kabul edilmeginiň aç-açanlygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda gazanan üstünliklerini paýlaşdylar.

Seminarda möwsümleýin iş üçin HZG standartlary, zähmet migrantlarynyň hukuklarynyň goraglylygy, işçi kabul etmegiň etiki tejribeleri we işçilere adalatly çemeleşmek ýaly esasy mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar milli hukuk kadalaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek we bu usullary uýgunlaşdyrmak üçin amaly strategiýalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäre döwletara bilim alyşmak, edaralar arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak üçin milli derejede mehanizmleri kämilleşdirmek üçin möhüm meýdança boldy. Seminara gatnaşan wekiller HZG standartlaryny Türkmenistanyň zähmet kadalaryna girizmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek islegini bildirdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär