JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze kitaby – “HAKYDA GÖWHERI”

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarowyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy Allaberdi Aşyrowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uly özgerişlikleriň amala aşyrylandygy belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda we dynç alyş günlerinde döredijilik işleri bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz barada toplan ençeme maglumatlary kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy.

Bu kitaba “Hakyda göwheri” diýip atlandyrandygyny bellän türkmen halkynyň Milli Lideri täze kitabyň ilkinji nusgasynyň çap çykandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär