Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.
Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlary Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna giň ýol açýar. Bu bolsa dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Bu ýerde žurnalist Gahryman Arkadagymyzyň ömür ýoly, döredijiligi, ýazan kitaplary bilen gyzyklanýandygyny nygtady.
Soňra alypbaryjy He Ýanke Milli Liderimizden teleýaýlymyň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny haýyş etdi. Gahryman Arkadagymyz dünýäde meşhurlyk gazanan «CGTN» teleýaýlymynyň Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy bilen sowal-jogap arkaly söhbetdeş boldy.
— Hormatly Milli Lider, şu interwýuny bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Biziň ilkinji sowalymyz: Siz Türkmenistanyň we Hytaýyň, türkmen hem-de hytaý halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary, umuman, nähili beýan edersiňiz? Bu gatnaşyklar nähili ýola goýulýar?
— Siziň sowalyňyza jogap bermezden ozal, şu interwýuny guramak başlangyjy bilen çykyş eden “CGTN” teleýaýlymynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygymy bildirýärin. Hytaýyň özünde-de, onuň çäklerinden daşarda-da köpmillionly tomaşaçysy bolan abraýly teleýaýlymyň sowallaryna jogap bermek iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Häzirki Türkmenistany has gowy tanamaga, onuň içeri we daşary syýasatynyň aýratynlyklaryna, biziň döwlet maksatnamalarymyza, ileri tutulýan ugurlarymyza düşünmäge mümkinçilik berer. Indi bolsa siziň sowalyňyza geçeliň!
Türkmenistan bilen Hytaýyň, biziň halklarymyzyň gatnaşyklaryny dogruçyl beýan etmek üçin onuň taryhy esaslaryny bilmek we olara düşünmek gerek. Bu gatnaşyklaryň arasy hiç haçan üzülmedi, ol köp asyrlaryň dowamynda aýratyn geografik, syýasy, ykdysady we medeni giňişligi döretdi. Bu giňişlikde türkmenler hem-de hytaýlar bilelikde ýaşap, özara gatnaşyk etdiler. Tejribe topladylar, däp-dessurlaryny kemala getirdiler. Bilimlerini, endiklerini, ruhy we maddy gymmatlyklaryny paýlaşdylar. Munuň özi iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň häzirki hyzmatdaşlygynyň derejesini, many-mazmunyny has-da berkitdi. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak däpleri kanunalaýyk ýagdaý boldy. Biz muňa buýsanýarys. Häzirki döwürde biziň özara gatnaşyklarymyz wagtyň synagyndan geçen we tassyklanan bilelikdäki asylly tejribämize — dogruçyllyga, açyklyga esaslanýar.
Şu ýerde özboluşly resminama bolan «Kasam şertnamasyny» ýatlamak ýerlikli bolsa gerek. Oňa türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen biziň eýýamymyzdan ozalky 49-njy ýylda gol çekipdirler. «Kasam şertnamasynyň» adynyň özi iki halkyň özara gatnaşyklarynyň esasynda synmaz we mukaddes kadalaryň goýlandygyny görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary örän baý taryhy esaslara daýanyp, hyzmatdaşlygyň şol ruhuny hem-de däplerini dikeldýärler. Döwletara gatnaşyklaryň taryhynyň müňýyllyklara, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüne uzap gidýändigine iki ýurtda hem düşünmek bilen garalýar. Bu bolsa biziň uly gymmatlygymyzdyr, dostlugymyzyň, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygymyzyň hemişelik esasydyr.
— Türkmen-hytaý ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy nähili we haýsy ugurlarda ösdürilýär?
— Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlykdan başlaýyn. Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar etdi. Ol 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan dünýäde ilkinji ýurt boldy. 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Netijede, 2023-nji ýylyň ýanwarynda biziň ýurtlarymyz Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekilenden soň, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Bu resminamalar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykandygyny aňladýar.
Iki döwlet daşary syýasy derejede netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň we geňeşmeleriň usullary döredildi. Iri halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda birek-biregi goldamagyň tejribesi ýola goýuldy. Bu bolsa dünýä we sebit gün tertibiniň örän möhüm soraglary boýunça özara düşünişmegiň, netijeli usullaryň ýola goýlandygyny görkezýär. Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, biziň halkara başlangyçlarymyzy üýtgewsiz goldaýandygyna ýokary baha berýärin hem-de munuň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Öz gezeginde, Türkmenistan hem hytaýly dostlarymyz üçin wajyp soraglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň umumylygyna hem-de bitewüligine degişli soraglara garaýyşlaryny hemişe anyk beýan edýär. Biz «Bitewi Hytaý» syýasatyna pugta eýerýäris we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümet bolup durýandygyny tassyklaýarys.
Hytaý bilen köptaraply görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy hem bellemek isleýärin. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esaslandyryjylarynyň biri hökmünde alyp barýan işine hormat goýýar. Biziň ýurdumyz ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şeýle hem döwletlerimiziň öňe süren başlangyjynyň esasynda döredilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlyk barha ösýär.
Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. 2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy. Haryt dolanyşygynyň durnukly saklanýandygyny hem-de her ýylda 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny bellemek möhümdir. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz esasy ugurlar bolan energetika, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryny, dokma we agrosenagat toplumlaryny, ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar.
Nebitgaz pudagynda özara bähbitli gatnaşyk etmegiň özboluşly tejribesi toplandy. Hytaý Halk Respublikasynyň tejribesini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda geljegi uly işläp taýýarlamalarymyz hem bar. Hytaý bilen hyzmatdaşlykda biziň ulag pudagymyz ýokary depginde ösýär. Bu ugurda anyk mysallary getireýin: häzirki döwürde Türkmenistanyň demir ýollarynda hereket edýän wagonlaryň hem-de lokomotiwleriň 90 göterimi Hytaýda öndürildi. Hytaý wagonlaryny, teplowozlaryny satyn almakdan başga-da, Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
2014-nji ýylda uzynlygy 750 kilometrden gowrak bolan, goňşy ýurtlaryň çäkleriniň üstünden geçip, Hytaý bilen Türkmenistany birleşdirýän demir ýol ulgamy ulanmaga berildi. Soňky ýyllarda hytaý awtomobilleriniň, esasan-da, awtobuslarynyň satyn alnyşy ep-esli artdy. Biziň ýurtlarymyzyň Pars aýlagyna we Hind ummanyndaky terminallara çykmak bilen, Hazar deňzinde söwda kommunikasiýalaryny ösdürmekde mümkinçiliklerini birleşdirmek üçin ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn. Bularyň ählisi Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen utgaşýandygyny görkezýär.
Häzirki şertlerde hakyky özara gyzyklanmanyň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa iri ulag-logistika taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi berer. Önümçilik we tehnologik ulgamlaryň, senagat guşaklarynyň arasynda özara baglanyşygy emele getirer. Köp sanly durmuş soraglaryny çözmäge, halklaryň ýaşaýşynyň we abadançylygynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Agrosenagat toplumynda türkmen we hytaý hünärmenleri Türkmenistanda öňden bäri ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň aýry-aýry görnüşleriniň üstünde işleýärler. Biz şäher gurluşygynda ysnyşykly kooperasiýa, häzirki zaman «akylly» şäher üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem taýýardyrys. Bu ugurda Hytaý dünýäde öňdebaryjy hökmünde ykrar edilýär. Hyzmatdaşlyk etmegiň gün tertibinde ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar we kosmonawtika pudaklary hem bar.
— Siz hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika pudagyny agzap geçdiňiz. Bu ulgamda işler nähili alnyp barylýar?
— Ýangyç-energetika pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugrudyr. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçilige eýedirler. Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň aprelinde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak we türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş ylalaşyga gol çekildi. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bu gaz geçiriji ulanmaga berildi. Şol günden başlap, ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan her ýyl Hytaýa 40 milliard kub metre golaý gazy iberýär.
2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberildi. Häzirki döwürde biz her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde bilelikde işleýäris. Şeýle gaz strategiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak möhletleýin bähbitlerine, ählumumy ykdysady ösüşiň ýagdaýyna laýyk gelýär. Bu işde energiýa serişdelerini ibermegiň orny barha artýar. Munuň özi deňhukuklylyga, mümkinçilikleriň hem-de geljegiň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşini görkezýär. Ahyrky netijede, bu turba geçiriji energiýa taslamalaryna ähli gatnaşyjylaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitlerini hasaba almagyň hakyky, iş ýüzündäki mysalydyr. Şu ýerde dünýä bazarlaryny energiýa çig maly bilen ygtybarly we howpsuz üpjün etmek bilen bagly soraglarda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny bellemek ýerlikli bolar.
Men ýene-de bir örän möhüm wakany nygtamak isleýärin. Hytaýyň “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu taslama tebigy gazyň her ýylda 10 milliard kub metrini goşmaça ibermäge niýetlenendir. Şeýlelikde, uzak möhletleýin bökdençsiz ulanmak üçin türkmen energiýa serişdelerini Hytaýa eksport etmegiň kuwwatly üpjünçilik ulgamlary bilelikde, yzygiderli we gyşarnyksyz ösdürilýär. Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmäge köp ýyllaryň dowamynda gatnaşýan hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň ak ýürekli işleýändiklerini aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda hytaýly hünärmenleriň işi dowam eder we giňeler. Bu bolsa iki ýurduň düýpli bähbitlerine, Aziýa yklymynda energetika durnuklylygynyň hem-de howpsuzlygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.
— Siz, umuman, türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegine we wezipelerine nähili baha berýärsiňiz?
— Onuň geljegi aýdyňdyr. Sebäbi biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilýär hem-de ol onýyllyklara niýetlenendir. Iki tarap hem biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidine peýdalanmak zerur bolan ägirt uly mümkinçiligiň bardygyna düşünýär. Şonuň esasynda degişli usullar döredilýär. Şolaryň biri-de 2008-nji ýylda döredilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetidir. Onuň işiniň maksady howpsuzlyk, söwda, energetika, ulag, ylym we tehnika, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly esasy ugurlarda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Howpsuzlyk ulgamynda bu üç wehime — terrorçylyga, ekstremizme we başbozarlyga, şeýle hem serhetüsti jenaýatçylygyň dürli görnüşlerine garşy bilelikde göreşmegi aňladýar. Häzirki döwürde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda, biziň ygtyýarly edaralarymyz kiber we biologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň üstünde işleýärler.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy sebit işlerine netijeli we işjeň gatnaşyjylardyr. Hytaýyň goldamagy bilen, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşi — Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşyklary ýola goýuldy. Türkmenistan we Hytaý onuň işine bilelikde uly goşant goşýarlar. Ol Aziýada howpsuzlygy goramagyň, pugtalandyrmagyň, ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde Owganystanda pugta parahatçylygy, ylalaşygy gazanmaga we bu ýurdy dikeltmäge gönükdirilendir. Biz howpsuzlyk boýunça ençeme beýleki köptaraplaýyn ugurlarda hem bilelikde işleýäris.
Biziň döwletlerimiziň Baştutanlarynyň söwdanyň möçberini giňeltmek we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlykda hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça bellän wezipelerini hem durmuşa geçirmelidiris. Ylmy-tehnologik kooperasiýa-da örän möhümdir. Bu wezipeleri çözmekde türkmen we hytaý tarapy hemişe yzygiderli iş alyp barýarlar.
— Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar nähili orny eýeleýär?
— Bu gatnaşyklar örän möhüm we kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Çünki Türkmenistanyň hem, Hytaýyň hem döwlet gurluşy, özygtyýarlylygy, milli özboluşlylygy düýpli taryhy, ruhy we medeni köklere daýanýar. Biz häzirki döwürde öz gatnaşyklarymyzy ýola goýanymyzda, döwletara hyzmatdaşlygyň esasynda şulary göz öňünde tutup, olardan ruhlanýarys we şol gatnaşyklara daýanýarys. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaýa birek-biregiň öňünde umumy, düşnükli maksatlary goýmaga we olara ýetmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän örän möhüm artykmaçlykdyr. Bu işde medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi hem-de bu ugurda döwlet goldawynyň üpjün edilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu bolsa dürli görnüşde — özara Medeniýet günlerini we ýyllaryny geçirmekde, sungat ussatlarynyň saparlarynda, çykyşlarynda, festiwallary, maslahatlary guramakda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Hytaýda Türkmenistanyň we Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet merkezlerini açmak barada gepleşikler alnyp barylýar.
Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki döwürde Hytaýyň bilim ojaklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar. Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde, 10 sany orta mekdebinde hytaý dili öwrenilýär. Biz öz tarapymyzdan Hytaý Halk Respublikasynyň okuw mekdeplerinde türkmen diliniň öwrenilmegini guramakda ýardam bermäge, munuň üçin mugallymlary we hünärmenleri ibermäge taýýardyrys. Bu bolsa biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljegine maýa goýumlardyr, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň aýdyň nyşanydyr.
Gündogar müçenamasy boýunça 2026-njy ýyl bedew ýylydyr. Biziň ýurdumyzda şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» şygary astynda geçýär. Men bu barada ýöne ýere aýtmaýaryn. Sebäbi atlar, behişdi bedewler türkmen we hytaý halklarynyň bilelikdäki taryhy mirasynyň nyşanlarynyň biridir. Baryp biziň zamanamyzdan ozalky II asyrda türkmen halkynyň Hytaýyň imperatoryna behişdi bedewleri — şöhratly ahalteke atlaryny sowgat berendigi mälimdir. Munuň özi möhüm dostlukly diplomatik we strategik wakadyr.
Atçylygyň hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugruna öwrülmegi üçin uly mümkinçilik bar. Hytaý atşynaslary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar. Biziň döwlet Baştutanymyz bu assosiasiýanyň Prezidentidir. Biz hytaý atşynaslaryny şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek çärelere çagyrýarys.
— Siziň dünýädäki häzirki ýagdaýa berýän bahaňyz we bu ýagdaýlarda Türkmenistanyň we Hytaýyň orny barada soramak isleýärin.
— Häzirki ýagdaý çylşyrymly. Ýöne, muňa garamazdan, ony kadalaşdyrmak, gapma-garşylygy aradan aýyrmak, medeniýetli gepleşikler ýoluna geçmek üçin mümkinçilikler bar diýip hasap edýärin. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň gurallary we mümkinçilikleri bar, olary ulanmak zerurdyr.
Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär. Munuň özi biziň üçin diňe iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak bilen bagly soragdyr. Sebäbi uruşlar, ilki bilen, adamlara, olaryň ykbalyna, durmuş ýagdaýlaryna, arzuw-hyýallaryna we umytlaryna zarba urýar. Uruşda bularyň ählisi bir pursatda ýom-ýok bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde uruş etmek üçin tagallalary iki esse artdyrmaly däl-de, şol uruşlary aradan aýyrmak üçin on esse tagalla etmeli. Şu ýerde men geçmişde ýaşan bir parasatly şahsyýetiň sözlerini mysal getirmek isleýärin. Bu sözler orta asyr görnükli türkmen döwlet işgäri Baýram han Türkmene degişlidir. Ol: «Parahat ýaşamagy başarmak bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak hiç zatdyr» diýipdir.
Türkmenistan we Hytaý parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, ylalaşyga berk ygrarlydyr. Biziň ýurtlarymyz bilelikde dünýä syýasatynda ynanyşmagy, özara hormat goýmagy ykrar etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýärler. Bu hem biziň doganlyk halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän ýene-de bir berk esasy güýçdür. Ýöne bu sowalyňyza umuman jogap bermek bilen, men syýasatçy däl-de, ýönekeý raýat hökmünde öz pikirimi aýtsam: «Atylan ok hiç haçan yzyna gaýtmaýar». Ol sen harbymy, esgermi, ýönekeý raýatmy ýa-da çagamy… — saýgarmaýar. Gynansak-da, ol diňe pida getirýär. Şonuň üçin taryha ser salsak, onda hiç haçan urşuň ýeňen ýeri ýokdur.
Men şu jümleler arkaly sözümi jemlemek bilen, tutuş adamzadyň abadan, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw edýärin.
— Köne dost hökmünde Siz Başlyk Si Szinpini nähili lider hökmünde görýärsiňiz?
— Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen bizi mähirli dostluk baglanyşdyrýar. Köp ýyllaryň dowamynda biz ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Giň möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrdyk. Sebit we ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak üçin mümkinçiliklerimizi hem-de tagallalarymyzy birleşdirdik. Başlyk Si bilen gatnaşyklarymyz hemişe açyklygy, özara ynanyşmagy hem-de aç-açanlygy bilen tapawutlanýar.
Hytaýyň milli bähbitlerini erjel we aýgytly goramagy, örän möhüm halkara soraglara jogapkärli çemeleşmegi Si Szinpine dünýä derejeli lider hökmünde abraý we hormat getirdi. Onuň ýolbaşçylygynda Hytaý ähli ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, geljek üçin maksatnamalaryny düzýär. Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň ýakynda geçirilen sessiýalarynyň netijeleri we şolarda kabul edilen çözgütler hem muny doly tassyklaýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, hytaý halkyny şu wajyp waka bilen gutlaýaryn.
Başlyk Siniň halkara işi barada aýdylanda, onuň öňe süren dört sany ählumumy başlangyjyny bellemek isleýärin. Olar Ählumumy howpsuzlyk, Ählumumy siwilizasiýa, Ählumumy ösüş, Ählumumy dolandyryş başlangyçlarydyr. Men bu başlangyçlara ähli adamzat üçin strategik ähmiýetli we möhüm şertler hökmünde garaýaryn. Başlyk Siniň bu dört başlangyjy Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly ählumumy başlangyçlarynyň many-mazmunyna we strategik ugruna laýyk gelýär. Bular biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlyk etmegiň has netijeli şertlerini hem-de mümkinçiliklerini açýar.
Men dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň örän möhüm daýanjy bolan beýik Hytaý döwletini ösdürmekde Si Szinpiniň lider hökmünde aýgytly orny eýeleýändigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, sözümiň ahyrynda «Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar» diýesim gelýär. Hormatly Si Szinpine — beýik şahsyýet, dünýä derejeli lidere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin. Sag boluň!
