Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda paýtagtymyzda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti gatnaşypdy. Forumda türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şol duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyjagy Aýjeren geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne sowgat berlen panda gurjagynyň şekilini keşdä geçirendigini aýdyp, myhmandan şol taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş edipdi.
Golaýda bolsa Milli Liderimiziň maşgalasyna hytaý Lideriniň maşgalasy hanym Pen Liýuanyň adyndan hat gelip gowuşdy. Ol hatynda Aýjereniň iberen sowgadyny kabul edendigini, panda gurjagynyň şekili çekilen keşdäniň özünde ýakymly täsirleri döredendigini mälim edýär. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ussat halyçy hökmünde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň goralyp saklanmagyna we baýlaşdyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berýär. Hormatly Arkadagymyzyň agtygynyň köp zähmeti, sabyrlylygy talap edýän şeýle işi ýerine ýetirmegi başarmagy türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň hem, öz gezeginde, Milli Liderimiziň agtyklaryna sowgatlary ibermegini bolsa iki halkyň gatnaşyklarynyň dostlukly, hoşniýetli häsiýete eýediginiň ýene bir anyk mysaly hökmünde kabul etmek bolar. Şolaryň arasynda ussatlyk bilen sünnälenen el işleri — ýüpek gurjajyklar we gül çemenleri, ýüň keçeden taýýarlanan suratlar, şeýle-de ýumşak panda gurjaklary bar. “Asman astyndaky ýurtdan” iberilen bu sowgatlaryň ählisi hytaý halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligini aýdyň şöhlelendirýär. Meşhur Pekin operasyny ýerine ýetirýän zenan şekiljikleri ýüpekden ýasalyp, olarda bu sungatyň ussatlarynyň aýdym aýdýan pursatlary täsirli «janlandyrylýar». Sebetlerdäki gül çemenleri al-elwan güllerden boglan nepis el işleri hem, ýüň keçelerden taýýarlanan surat eserleri milli nagyşlar bilen bezelipdir. Ýumşak panda gurjaklary hem Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjerene Hytaýda sowgat berlen panda gurjagynyň üstüni ýetirer. Mälim bolşy ýaly, uly pandalar diňe bir Gyzyl kitaba girizilen seýrek jandar bolman, eýsem, Hytaýyň milli nyşanydyr hem. Pandalar hoşmeýilliligi, sabyrlylygy, açyk göwünliligi, parahat ýaşaýşa ymtylyşy alamatlandyrýar. Olar türkmen halkynda hem iň asylly häsiýetler hasaplanyp, dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklarymyzda-da ileri tutulýar.
