Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynda saparda bolup, saparynyň çäklerinde energetika we howa boýunça halkara Wena foruma gatnaşdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň özüni gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagynda galýandygy, şeýle dartgynlylyk ýagdaýda köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ulanmagyň aradan aýyrmaýandygyny barada şeýle jogap berdi:
– Şu wagt emele gelen ýagdaý örän biynjalykdan gaçyrýar. Bu ýagdaý bizi hem howsala salýar. Giň çäkleri özüne alýan Ýakyn Gündogar sebiti geografik taýdan Türkmenistan bilen hem galtaşýar. Bu ýerdäki ýagdaýlar goňşy ýurtlara we sebite özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. Biz bitarap döwlet. Biziň garaýşymyz gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge esaslanýar. Munuň özi hiç wagt üýtgemeýär.
Türkmenistan köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ulanmagy üsül-kesil gadagan etmek barada çykyş edýär. Men hünärim boýunça onlarça ýyllary döwlet gullugynda işläp, häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny we ömrüni gorap saklamaga bagyşlan lukman hökmünde, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň düzeldip bolmajak ýaramaz täsirlerini getirip biljekdigini bellemek isleýärin. Onuň ulanylan ýagdaýynda ilata, ekologiýa, sebitleýin durmuş we ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryna agyr täsir ýetirjekdigini aýtmak bolar. Muňa kem baha, ýüzleý ýa-da oýlanyşyksyz garamaga ýol bermezlik zerurdyr.
