JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putini saýlawlardaky ynamly ýeňşi bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilýär.

– Siz köp ýyllaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesinde ýadawsyz zähmet çekmek bilen, ýokary hilli özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarsyňyz we ýurduňyzy ösüşiň täze sepgitlerine tarap alyp barýarsyňyz. Saýlawlaryň netijeleri Siziň alyp barýan köp ugurly işiňize berlen ýokary baha bolup durýar hem-de Russiýanyň köp milletli halky tarapyndan bildirilen uly ynamy görkezýär.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde Siziň şahsy goşandyňyzy belläp geçmegi zerur hasaplaýaryn – diýip,  türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi we geljek ýyllarda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak hem-de hormat goýmak ruhunda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy