JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi.

Gutlag hatynda ählihalk sala salşygynyň ýurduň durmuşynda örän möhüm syýasy waka öwrülip, Özbegistanyň halkynyň agzybirligini we jebisligini, häzirki zaman özbek jemgyýetinde özgertmeleri geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny, Özbegistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygyny aýdyň görkezendigi nygtalýar.

“Ählihalk ses bermesiniň netijeleri Siziň kabul edýän, Özbegistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, syýasy ulgamyny hem-de döwlet gurluşynyň öz nusgasyny ösdürmäge, giň möçberli we uzak möhletli ykdysady strategiýalary, maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmek üçin pugta esaslary döretmäge, derwaýys ynsanperwer we durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilen çözgütleriňiziň pähim-paýhasa we öňdengörüjilige esaslanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Siziň amala aşyrýan hemmetaraplaýyn, düýpli özgertmeleriňiz özbek halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesine, milli demokratik institutlary döretmekde we olaryň işlerinde özboluşly däplere esaslanýar.

Şol bir wagtda-da, Özbegistan Respublikasynyň täzelenen Konstitusiýasy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini öz içine alýar, oňa laýyklygy hem-de iş ýüzünde ulanylmagy babatda iň gowy tejribeleri beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň işjeň halkara gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň syýasy giňişliginde öz işlerini täze gujur-gaýrata esaslanyp dowam etdirjekdigini, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze garaýyşlary öňe sürjekdigini berk ynam bilen aýdyp bilerin.

Öz nobatynda, Türkmenistan hem iň ýakyn goňşy we doganlyk ýurdy hökmünde Özbegistanyň içeri we daşary syýasatyny, Siziň iki döwletiňdir halkyň arasyndaky dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlaryňyzy hemişe goldar” diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewi Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ählihalk sala salşygynyň ýokary syýasy, guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek doganlarça gutlady hem-de döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri