JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda boldy. Örän uly wakalara hem-de netijeliligi bilen häsiýetlenen saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han bilen söhbetdeş boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

“Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han türkmen halkynyň Milli Liderine Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saparynyň maksady, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ylym-bilim we ynsanperwer ugurlarda birnäçe möhüm sowallar bilen ýüzlendi.

Hususan-da, meşhur alypbaryjy “Transhazar” gaz geçirijisiniň geljegi baradaky sowal bilen ýüzlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu sowala şeýle jogap berdi.

– Biz bu taslamany energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýäris. Türkmenistan oňa çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. Şol bir wagtda halkara-hukuk häsiýetli, ylaýta-da Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan Iş topary döredildi. Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy netijeleri berjekdigine umyt edýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi