SPORT

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy geçirilip, onuň netijesinde «Arkadag» topary bassyr ikinji gezek baş baýraga mynasyp boldy.

Paýtargtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen final duşuşygynda «Şagadam» bilen duşuşan «Arkadag» topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Ahal» hormatly üçünji orna mynasyp boldy.

Final duşuşygynyň yzysüresi ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşik toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirildi: «Arkadag» (Arkadag şäheri), «Ahal» (Ahal welaýatynyň Änew şäheri), «Şagadam» (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri), «Merw» (Mary welaýatynyň Mary şäheri), «Aşgabat» (Aşgabat şäheri), «Nebitçi» (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri), «Köpetdag» (Aşgabat şäheri) hem-de 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde «A» toparçada «Köpetdag», «Ahal», «Şagadam», «Nebitçi» toparlary, «B» toparçada bolsa  U-20, «Arkadag», «Aşgabat» hem-de «Merw» toparlary bäsleşdiler. Deslapky tapgyrda toparlar iki toparça — «A» we «B» toparçalaryna bölünip her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinalda bäsleşmäge mümkinçilik aldylar.

Duşuşyklaryň ählisiniň paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçirildi.

Ýene-de okaň

Robert Lewandowski Amerikada oýnar

Marokko Niderlandlary ýeňip, 1/8 finala çykdy

Garaşylmadyk netije: Germaniýa çempionat bilen hoşlaşdy

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy