JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Fransiýa bilen köpugurly gatnaşyklary giňelder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makrona hat iberdi. Şol hatda Türkmenistanyň Fransiýa bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygy bellenildi.

Hususan-da bu hatda şeýle diýilýär:

– Size şu hat bilen ýüzlenmek we Sizi hem-de Fransiýa Respublikasynyň dostlukly halkyny tüýs ýürekden mübäreklemek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda knýaz maşgalasynyň çagyrmagy boýunça men Monako Knýazlygynda saparda boldum. Nissanyň Halkara howa menziline gelenimde, meni Fransiýanyň häkimiýetleri uly hormat bilen garşyladylar. Fransiýanyň sebitleriniň ýokary derejeli wekilleri meni we ýanymdaky wekiliýeti mähirli garşylap, hormat goýýandyklaryny we üns berýändiklerini görkezdiler. Muňa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň hem-de pugta hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde baha berýärin. Şunuň bilen baglylykda, fransuz topragynda görkezilen myhmansöýerlik we berlen üns üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Munuň özi Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär.

Biziň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda «Bitewi suw» sammitiniň çäklerinde Er-Riýadda bolan duşuşygymyzy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şondaky netijeli pikir alyşmalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Siziň ýurduňyz bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de gyşarnyksyz giňeltmäge, oňa täze itergi hem many-mazmun bermäge çalyşýandygyny we bu işe taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Iki ýurduň özara gatnaşyklaryna mahsus bolan düşünişmegiň, ynanyşmagyň Türkmenistana we Fransiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gepleşikleri alyp barmaga mümkinçilik berýändigine ynanýaryn.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri