JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen telekeçileri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdiIş maslahatyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan «Garagum», «Saýaly menzil», «Dost gurluşyk, «Ýedi ýer söwda-önümçilik», «Ajaýyp gurluşyk» hojalyk jemgyýetleriniň, «Mukaddes gün», «Ak tab», «Berk teker» hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary ilki bilen, häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri we täze gurluşyklara başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdiler. Şeýle hem olar häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.

Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtap, telekeçiler daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alşyp, bu ugurda baý tejribe toplandyklaryny bellediler.

Gurluşykda telekeçiler öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýerli telekeçileriň ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýandygyny, olaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we döwrebap usullarynyň ulanylmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşykçy telekeçilere bu ýerde uzak geljegi nazarlaýan taslamalaryň ynanylandygyny belläp, olaryň il içinde bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly sogap hasaplanylýan işleri ýerine ýetirmek arkaly taryhda möhüm orun eýelejekdiklerine we asylly işleriň netijelerini geljek nesillere ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

“Makul habar” elektron gazetiniň nusgalyk sany neşir edildi

Ata Watan Eserleri

2025-2027-nji ýyllarda Arkadag Medisina klasteriniň birinji tapgyry gurlar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi