Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Soňra ikiçäk hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistana saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşende şäheriniň başlygy Rustam Emomali, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Namoýandagon mejlisinyň başlygy Mahmadtoir Zokirzoda, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungat ussatlarynyň “Doganlyk agşamy” atly bilelikdäki konsertine gatnaşar.
