JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali bilen duşuşdy

Duşenbe şäherinde resmi sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahtynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryna ynanyşmak we özara düşünişmek häsiýetiniň mahsusdygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi biziň ýurtlarymyza geljek üçin türkmen-täjik gatnaşyklaryny ynamly guramaga, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwda-da, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda uzak möhletli meýilnamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň kanunçykaryjy edaralary iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde durnukly parlamentara dialogy ýola goýuldy, pikir alyşmalaryň netijeli gurallary işläp başlady.

Söhbetdeşler şunda iki döwletde döredilen parlament dostluk toparlarynyň uly ornuna ünsi çekip, olaryň işine ýokary baha berdiler hem-de bu düzümleriň doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm we netijeli guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär