JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Stomatologiýa merkeziniň işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Stomatologiýa merkeziniň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna, binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary, köp gatly merkeziň ugurdaş desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Merkeziň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlyk çäresine tejribe alyşmak üçin ýurdumyzda saparda bolýan Germaniýanyň meşhur stomatolog lukmany Aksel Zöllner hem-de onuň ýany bilen döwrebap, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan stomatologiýada usulyýet we bejeriş işleri boýunça işleýän kärdeşleri-de gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, merkeziň ähli bölümleri, bejeriş otaglary Germaniýa, Awstriýa, ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Daniýa ýaly lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýär. Lukman Arkadagymyz merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.

Taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Stomatologiýa merkeziniň lukmany J.Garlyýew täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasynyň wekili merkeziň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş tertibi, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri paýtagtymyzdaky Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde işlemek üçin degişli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy we bu işleri dowam etdirmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berildi.

Germaniýaly tejribeli stomatolog lukmanlardyr diş tehnikleri merkezde ornaşdyrylýan enjamlaryň dünýäde iň kämil enjamlardygyny, olaryň lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarydygyny nygtap, täze desganyň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berdiler.

Ýene-de okaň

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy