JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanýar, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyz bellenilmäge mynasypdyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy