JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Hytaý bilen haryt dolanyşygymyz her ýyl 9-10 milliard dollara barabar bolýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň meşhur “CGTN” teleýaýlymynyň habarçysynyň sowallaryna jogap berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “CGTN” teleýaýlymynyň habarçysy bilen geçirilen interwýuda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda alnyp barlan hem-de barylýan netijeli işleri barada giňişleýin we anyk maglumatlara salgylanan jogaplar berdi.

Hytaýyň belli teleýaýlymynyň habarçysy türkmen halkynyň Milli Liderine iki ýurduň arasynda gatnaşyklara barada birnäçe sowallar bilen ýüzlendi.

Hususan-da, interwýuda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada sowal berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu sowala jogap bermek bilen Hytaýyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwletdigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň 1992-nji ýylda ýola goýlandygyny belledi.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady ugry babatda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlandygyny belläp, her ýyl haryt dolanyşygynyň ösüşiniň durnukly saklanyp, 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny belledi.

– Türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň esasy ugurlary energetika, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, dokma we agrosenagat hem-de ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar. Nebitgaz pudagynda özara bähbitli özboluşly tejribe toplandy. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän ugurlary boýunça täze taýýarlamalar bar. Hytaý bilen hyzmatdaşlykda biziň ulag pudagymyz hem ýokry depginler bilen ösýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň demirýollarynda hereket edýän wagonlaryň we lokomotiwleriň 90 göterimi Hytaýda öndürildi. Gündogar-Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 2014-nji ýylda yzynlygy 750 kilometrden köp bolan goňşy ýurtlaryň çäkleriniň üstünden geçýän Hytaý bilen Türkmenistanyň birleşdirýän demirýoly ulgamy ulanmaga berildi. Soňky ýyllarda Hytaýyň awtoulaglarynyň, esasan hem awtobuslarynyň satyn alnyşy ep-esli artdy – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kubmetre golaý tebigy gaz iberildi

Hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri