JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: hiç haçan urşuň ýeňen ýeri ýokdur

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.

Hytaýyň teleýaýlymynyň habarçysynyň dünýädäki häzirki ýagdaýa berýän bahaňyz we bu ýagdaýlarda Türkmenistanyň we Hytaýyň orny barada soramak isleýärin diýen sowala Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle jogap berdi:

— Häzirki ýagdaý çylşyrymly. Ýöne, muňa garamazdan, ony kadalaşdyrmak, gapma-garşylygy aradan aýyrmak, medeniýetli gepleşikler ýoluna geçmek üçin mümkinçilikler bar diýip hasap edýärin. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň gurallary we mümkinçilikleri bar, olary ulanmak zerurdyr.

Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär. Munuň özi biziň üçin diňe iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak bilen bagly soragdyr. Sebäbi uruşlar, ilki bilen, adamlara, olaryň ykbalyna, durmuş ýagdaýlaryna, arzuw-hyýallaryna we umytlaryna zarba urýar. Uruşda bularyň ählisi bir pursatda ýom-ýok bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde uruş etmek üçin tagallalary iki esse artdyrmaly däl-de, şol uruşlary aradan aýyrmak üçin on esse tagalla etmeli. Şu ýerde men geçmişde ýaşan bir parasatly şahsyýetiň sözlerini mysal getirmek isleýärin. Bu sözler orta asyr görnükli türkmen döwlet işgäri Baýram han Türkmene degişlidir. Ol: «Parahat ýaşamagy başarmak bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak hiç zatdyr» diýipdir.

Türkmenistan we Hytaý parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, ylalaşyga berk ygrarlydyr. Biziň ýurtlarymyz bilelikde dünýä syýasatynda ynanyşmagy, özara hormat goýmagy ykrar etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýärler. Bu hem biziň doganlyk halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän ýene-de bir berk esasy güýçdür. Ýöne bu sowalyňyza umuman jogap bermek bilen, men syýasatçy däl-de, ýönekeý raýat hökmünde öz pikirimi aýtsam: «Atylan ok hiç haçan yzyna gaýtmaýar». Ol sen harbymy, esgermi, ýönekeý raýatmy ýa-da çagamy… — saýgarmaýar. Gynansak-da, ol diňe pida getirýär. Şonuň üçin taryha ser salsak, onda hiç haçan urşuň ýeňen ýeri ýokdur.

Men şu jümleler arkaly sözümi jemlemek bilen, tutuş adamzadyň abadan, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanda Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni bellenilýär

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza we Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Si Szinpiniň 4 sany ählumumy başlangyçlaryny goldaýarys

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Hytaýda türkmen raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy