JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini syýasy ulgamdaky özgertmeleri bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýörite hat iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Çuňňur hormatlanýan Kasym-Žomart Kemelowiç!

Gadyrly doganym.

– Siziň ajaýyp ýurduňyzyň çäkleriniň üstünden geçip barýarkam, onuň daglaryny, köllerini, baharda göm-gök öwüsýän çemenzarlyklaryny, uç-gyraksyz giňişliklerini höwes bilen synlap, beýik Abaý Kunanbaý oglunyň:

Bahar ýene dünýämize dolandy,

Guşlar gök ýaprakly pudaga gondy.

Atyň mähri bilen ýylgyrdy Güne,

Onuň mährine janly-jandar oýandy – diýen setirlerini ýatlaýaryn.

Şunuň bilen baglylykda, gazak halky bilen gadymy dostluk, hakyky doganlyk we garyndaşlyk babatdaky duýgularymy ýene-de bir gezek beýan etmek isleýärin.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Gazagystanyň gazanan ägirt uly üstünliklerini hemişe hoşniýetli goňşuçylyk duýgudaşlygy bilen guwanýarys. Şoňa görä-de, Siziň Gazagystanyň syýasy ulgamyny pugtalandyrmaga, ýurduň halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm strategik reformalary we özgertmeleri üstünlikli geçirmegiňiz bilen bagly doganlyk goldawymyzy beýan etmek hiç wagt giç däl diýip hasap edýärin.

Şu baharyň Gazagystan üçin täzelenişiň, şatlygyň, agzybirligiň we ylalaşygy gazanmakda täze ýeňşiň bahary boljakdygyna ynanýaryn.

 

Ýene-de okaň

Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy 20-nji martda okalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy