Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda “CNPC-niň” ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy korporasiýanyň wekilleri bilen tanyşdyrdy. Soňra bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň “CNPC” korporasiýasy bilen özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň nusgasydygy nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şunda “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek babatda gazanylan ylalaşygyň wajyp ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi netijesinde müňlerçe täze iş ornunyň döredilendigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz sebit ähmiýetli taslamalara ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň ähmiýetini belledi.
“CNPC-niň” ýolbaşçysy asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly ornuny nygtap, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Daý Houlýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
