JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bilal Ärdogana alabaýlary sowgat berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň ýolbaşçysy bilen Çarwadarlaryň 5-nji Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasynda bolan duşuşygy ýakymly duýgulary bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny gurnamakda baý tejribesiniň bardygyny belledi.

Duşuşykdan soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmana türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen alabaýlary baýramçylyk sowgady hökmünde gowşurdy. Bilal Ärdogan alabaýlary aýratyn hormat duýgusy bilen kabul etdi we Türkmen halkynyň Milli Liderine iki doganlyk halkyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň nyşanyna öwrülen alabaýlary sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynda doganlyk ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana alabaý sowgat beripdi.

 

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan Türkmenistana geldi

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi