JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri bedew atlar bilen didarlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerdäki atçylyk toplumynda bedew atlar bilen didarlaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri «Hanbeg» atly bedewe atlanyp, onuň bilen birsellem gezim etdi. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň birek-birege bolan garaýşynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Hanbeg» atly bedew bilen gezelenjini tamamlap, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda atçylyk pudagy boýunça birnäçe halkara çäreleriniň meýilleşdirilýändigini belläp, olaryň guramaçylykly geçirilmegine, çärelerde behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň öz beýanyny tapmagyna, bu işlere degişli ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň işjeň çekilmegine zerur üns berilmelidigini belledi. Gahryman Arkadag degişli ýolbaşçylara bu barada birnäçe öwüt-nesihatlaryny berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy