JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe gutlag hatyny iberdi.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, hatda şeýle diýilýär:

“Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynda “Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagy” baradaky kararyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Sizi hem-de Siziň şahsyňyzda ähli Azerbaýjan halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Şübhesiz, bu taryhy ähmiýetli wakadyr. Ol Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjanyň bir bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişlige öwrülýändigini, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletlerimiziň hem halklarymyzyň güýçli birleşigini döredýändigini alamatlandyrýar. Şeýle-de bu karar halklarymyzyň taryhy ykballarynyň aýrylmazlygyny dogry düşünmegiň möhüm nyşanydyr.

Kabul edilen bu kararyň doly kanunalaýykdygyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň ösüş ýoluny, olaryň şol bir wagtda zerurlyklaryny we hakyky bähbitlerini dogry beýan edýändigine berk ynanýaryn.

Asyrlaryň dowamynda halklarymyzy geografik goňşuçylyk, umumy medeniýet we medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy birleşdirip geldi. Netijede, gatnaşyklaryň özboluşly nusgasy emele geldi. Bu nusga bolsa, häzirki döwürde, garaşsyzlygyň şertlerinde syýasat, ykdysadyýet, jemgyýetçilik we ynsanperwer ugurlarda häzirki we geljekdäki yklym giňişliginiň ösüşinde güýçli faktora öwrüldi.

Hut Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjana häzirki zaman ykdysadyýetiň sazlaşykly, üstünlikli we durnukly gurluşyny döretmek üçin zerur bolan köpugurly transkontinental baglanyşyklaryň esasy halkasy bolmak miýesser edilendir. Siziň ýurduňyz bu beýik maksada ýetmekde mundan beýläk berk syýasy-hukuk binýadyna daýanýar.

Gadyrly doganym!

Konsultatiw duşuşygynyň formaty onuň ähli gatnaşyjylary üçin parahatçylygy, ynamy, ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün edýän iň möhüm meýdança bolup durýar. Şeýle syýasy hyzmatdaşlygyň döredilmeginiň gözbaşynda Türkmenistanyň durandygyna buýsanýaryn. Biziň ýurdumyz tarapyndan konsultatiw duşuşygyny döretmek baradaky başlangyç on bäş ýyldan gowrak wagt öň Özbegistanda öňe sürlüpdi we doly goldaw tapdy.

Şondan soň ilkinji resmi konsultatiw duşuşygy Gazagystanda geçirilip, onda köptaraplaýyn dialogyň dünýägaraýyş esaslary, onuň uzak möhletli maksatlary we mümkinçilikleri kesgitlenildi.

Soňra duşuşyklar Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň çäklerinde ylalaşylan tertipde geçirildi. Onda sebitdäki özara hyzmatdaşlygyň hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ynamly we açyk ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşyldy, möhüm çözgütler we ylalaşyklar gazanyldy. Wagt bu formatyň döredilmeginiň dogrydygyny, onuň zerurdygyny we netijelidigini, döwletleriň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi.

Konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýetini we abraýyny artdyran täze ädim – Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň döredilmegi boldy. Bu nyşanyň ilkinji eýesi bolsa Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti boldy.

Hormatly Ilham Geydar ogly!

Şu ýylyň awgust aýynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň teklibi bilen Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary konsultatiw duşuşygynyň gurnalmagy meniň üçin aýratyn buýsançdyr. Hut şol duşuşykda Türkmenistan Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşyklaryna doly hukukly agza hökmünde goşulmagy baradaky teklibini öňe sürdi. Şeýlelikde Azerbaýjan bu formatyň möhüm gatnaşýjylarynyň biri bolup, doganlyk halklar maşgalasy bilen gatnaşyklaryny we köpugurly integrasiýasyny has-da berkidipdi. Bu başlangyç Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri tarapyndan Daşkentde doly goldanyldy we bilelikdäki gülläp ösüşimize tarap möhüm hem-de uly geljegi bolan ädim bolandygyny uly hoşallyk bilen belleýärin.

Siziň ýurduňyzyň syýasy abraýyny, ägirt uly tebigy serişdelerini, senagat we tehnologik mümkinçiliklerini, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünliklerini göz öňünde tutanymyzda, Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşyklary formatyna goşulmagynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýakynlaşmagynda möhüm element boljakdygyna berk ynanýaryn. Mundan başga-da, bu häzirki zaman sebit we halkara ösüşine işjeň gatnaşmak üçin güýçli itergi berer, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň dünýä arenasynda jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde ornuny ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Hormatly Ilham Geydar ogly, Sizi eziz dogan we dost hökmünde geljek ýylda Türkmenistanda geçirilecek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň 8-nji konsultatiw duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet we halkara işleriňizde üstünlikler, doganlyk Azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler