DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gulluygyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigi bellenildi.
Taraplar hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Related posts

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

TOPH gaz geçirijisi taslamasy Owganystanda täzeden başlaýar