JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

7-nji oktýabrda Azerbeýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Gabala şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyn Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

“AZERTAC”-nyň habar bermegine görä, Milli Liderimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Ilham Aliýew hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, özüniň hem Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

Söhbetdeşlikde Azerbeýjan Prezidentiniň Türkmenistanyn Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyklary, şeýle hem onuň şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyza eden sapary hoşallyk bilen ýatlanyldy.

Duşuşykda Gabalada geçiriljek Türki Döwletleriniň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII Sammitiniň ähmiýeti, bu sammitiň türki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orny bardygy nygtaldy.

Syýasy, ykdysady, ulag, energetika, parlamentara, ynsanperwer, medeni, bilim we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi hem-de halkara guramalarynda iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi aýdylýar.

Azerbeýjan Prezidenti bilen Türkmenistanyn Halk Maslahatyň Başlygy hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär